Habarlar

   Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň bellenilýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň we “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirmeklerinde baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna, ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesine barylýan şu günlerde halkymyzyň milli buýsanjynyň nyşany bolan baýdagyny döwrebap wasp etmek örän ýakymly. Elbetde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň kalbyna ganat bekleýän seneleriň biridigi hakyndaky ajaýyp pikirler seriňe dolýar.
   Elbetde, baýdak hemme döwürlerde, ähli halklarda belent ruhuň nyşany hasaplanypdyr, milletiň umyt-arzuwlarynyň beýany bolupdyr. Baýdak bilen baglanyşykly maglumatlara edebi çeşmlerde-de duş gelmek bolýar. Tug milletiň synmaz ruhuny aňladýan nyşan hasaplanypdyr. Agzybir halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabara bilen toýlaýar. Baş kanunyň esasynda pederlerimiziň biziň şu günümize çenli gazananlaryny, ynsan hukuklaryny goramak, Watan parahatçylygyny, il agzybirligini saklamak ýaly milli aýratynlyklaryň bolmagy döwletimiziň ösüşleriniň kepili bolup durýar.
   Şeýle hem dabaranyň dowamynda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzy wasp edýän goşgudyr şygyrlary beýan edildi. Çykyşlarda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň Döwlet baýdagy halkymyzyň göterilen ykbalynyň Tugy hökmünde dünýä ýüzünde sarpalanýandygy, bu günki gün Arkadag Prezidentimiziň saýlap alan ýoly bilen beýik ýeňişlere barýandygy barada, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, halkymyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözler beýan edildi.

 

Iyun 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
4883127
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6481
5036
117587
171006
4883127

Siziň IP: 34.228.52.223
2021-06-22