Habarlar

     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň iş ugurlarynyň biri hem, ilatyň arasynda Halkara Ynsanperwerlik Hukugy barada bilimleri ýaýratmak bolup durýar. Türkmenistanyň Adam hukuklary barada halkara borçnamalarynyň we Halkara Ynsanperwer Hukugynyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly iş meýilnamasynyň çäginde Jemgyýetiň Ahal welaýat bölümi tarapyndan ilatyň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
    Ýakynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň ýokary sunp okuwçylarynyň arasynda “Halkara Ynsanperwerlik Hukugy” barada bilimleri ýaýratmak boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi, onuň dowamynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň esasgoýujysy Anri Dýunan barada gyzykly taryhy gürrüň berildi. Interaktiw görnüşde geçirilen bu okuw çäresiniň dowamynda okuwçylar sorag- jogap alyşmaga mümkinçilik aldylar.

Iyun 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
4883266
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6620
5036
117726
171006
4883266

Siziň IP: 34.228.52.223
2021-06-22