Habarlar

   Taryh edermen türkmen ýigitleriniň merdanalygyny özüniň sahypalarynda müdümilik saklaýar. Ýaş nesillerimiziň kalbynda watana bolan söýgini baky ýaşatmak üçin, biz her ýylyň 9-njy maý, Ýeňiş gününi uly dabaralar bilen belläp geçýäris. Diýarymyzda Beýik Ýeňişiň 76 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dürli çäreler aýratyn many-mazmuna eýe bolmak bilen, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwriniň waspy belentden belent ýaňlandy. TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Serdar şäher şahamçasy, beýleki jemgyýetçilik guramalar we Serdar şäher häkimligi bilen bilelikde uruş weterany Serdar şäheriniň ýaşaýyjysy indi 96 ýaşy arka atan Orazguly Muhammedow we uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken zähmet gahrymanlary bilen duşuşyklar gurnadylar. Bu çäräniň dowamynda biziň bagtyýar geljegimiz üçin ömrini pida eden türkmen ýigitleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Aýdym-sazly dabaramyzyň soňunda uruş weterany Orazguly Muhammedowa Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy.

Iyun 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
4883114
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6468
5036
117574
171006
4883114

Siziň IP: 34.228.52.223
2021-06-22