Habarlar

    Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky Medeni – sport toplumynyň mejlisler zalynda Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli “Gahryman gerçekler kalbymyzda baky ýaşaýarlar” ady bilen aýdym sazly dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy şäher şahamçasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşi, we Türkmenbaşy şäher häkimligi bilelikde gurnadylar. Bu çärä şäheriň edara-kärhanalarynyň işgärleri we okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de çärede Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň medeniýet bölüminiň “Dagdan” topary we şäheriň çeper höwesjeňleri aýdym-saz bilen çykyş etdiler.
    Soňra çäräni gurnaýjylar uruş weterany Ýarjykow Güýzli aganyň öýünde myhmançylykda bolup, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny we ter gül desselerini gowşurdylar. Soňra uruş weteranynyň hossarlary, bize asuda we bagtyýar durmuşy peşgeş beren hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

 

 

 

Iyun 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
4883124
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6478
5036
117584
171006
4883124

Siziň IP: 34.228.52.223
2021-06-22