Habarlar

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Etrek etrap şahamçasynyň gurnamagynda, Beýik Ýeňişiň 76 ýyllyk baýramçylygy hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň döredilen güni mynasybetli, TGÝMJ-niň meýletinçileriniň, uly synp mekdep okuwçylaryň, zähmetkeş bilim işgärleriniň, mekdep mugallymlaryň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, il sylagly ýaşulylaryň, tylda zämet çeken ak saçly eneleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahat duşuşuk çäresi geçirildi.
   Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi, söweş meýdanynda galdyran yzy, taryh kitabyna girizen gahrymançylygy we tylda zähmet çeken ýaşulularymyzyň, enelerimiziň nusgalyk zähmetsöýerligi, watansöýjüligi, agzybiligi, jebisligi hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň döreýiş taryhy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
   Çäräniň ahrynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň köp ugurly ynsanperwer işlerini goldaýan hem-de Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara, Watan gerçekleriniň mukaddes ojagyny saklap oturan ýalňyz naçarlara, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimize, nurana ýaşuşularymyza uly hormat sarpa goýýan, Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür diläp, il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli tutumly işleriiniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

 

 

 

Iyun 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
4883287
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6641
5036
117747
171006
4883287

Siziň IP: 34.228.52.223
2021-06-22