Habarlar

    Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we AIDS-e, Inçekesele we Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global Gaznasynyň maliýeleşdirmeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň amala aşyrýan "Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak" taslamasynyň çäginde 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 22-den 26-y aralygynda BDO LLP (London) audit kompaniýasy audit barlagyny geçirdi. Barlagyň döwri: 2018-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2020-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygy. Audit barlagy üstünlikli tamamlandy. Barlagyň netijesinde taslama ustünlikli amala aşyrylýandygy, taslamanyň gol çäkilen Ylalaşygyna, iş meýilnamasyna we büjetine laýyklykda meýilleşdirilen işler netijeli we guramaçylykly alnyp barylýandygy kesgitlendi. Audit barlagy hiç hili düzgün bozulmalary we töwekgelçilikli ýagdaýlary ýüze çykarmady. Audit geçirijiler tarapyndan hiç hili maslahatlar berilmedi.
    Audit barlagynyň netijesi ýene-de bir gezek Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hemişe öz üstüne alan barçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýändigini we açyklyk we hasabatlylyk ýörelgelerini pugta berjaý etýändigini subut edýär.

4642949
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
544
4486
48415
107645
4642949

Siziň IP: 3.226.72.118
2021-05-10