Habarlar

   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri Jemgyýetiň ähli iş ugurlary boýunça işlere işjeň gatnaşýarlar. Meýletinçiler işlere gatnaşyp, meýletinçilik işini ösdürmek meselelerinde başlangyçlary görkezýärler we welaýat bölümlerindäki ýaşlar merkezlerine takyk teklipler bilen çykýarlar. Ähli ýaşlar merkezlerinde meýletinçileriň başlangyçlary bilen ýeke ýaşaýan gartaşan we maýyplygy bolan adamlara dürli görnüşli kömekleri berýärler. Ilatyň arasynda Halkara Ynsanperwerlik Hukugy, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň we adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça okuw çärelerini geçirýärler. Bu gün hem TGÝMJ-niň meýletinçileri TGÝMJ-niň okuw-tejribeçilik ýyladyşhanasynda ýazky hasyl ýygnamaga işjeň gatnaşdylar. Hasyl ýygnamak ýaşlarda diňe bir zähmete söýgi döretmän eýsem, olaryň öz aralarynda jebisleşmegine ýardam berýär.

4642777
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
372
4486
48243
107645
4642777

Siziň IP: 3.226.72.118
2021-05-10