Biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sport-sagaldyş çäreleriniň geriminiň giňelmegine uly üns berilýär. Ähli welaýatlarda ajaýyp stadionlarynyň, sport mekdepleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň bolmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň gün-günden köpelmegine ýardam berýär. Bedenterbiýe we sport bilen ýzýgiderli meşgullanmak ýaşlarda maksada ýetmekde, üstünlik gazanmakda erjelligi we erk –islegi terbiýelemeklige kömek edýär. Watana mynasyp gulluk etmekde fiziki sagdynlygyň uly ähmiýeti bardyr. Bu meselede ýaşlaryň arasynda wagyz-ündew işleriniň geçirilmegi diýseň wajypdyr. Ynha bu gün hem, Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde meýletinçileriň gatnaşmagynda howpsuz araçägi berjaý edip, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler. Meýletinçiler öz göreldeleri bilen hemmeleri sagdyn durmuş endiklerini berjaý etmeklige çagyrdylar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri diňe bir sagdyn durmuş endiklerini berjaý etmekde däl-de, eýsem ähli ýaşlara watansöýüjilikde we ynsanperwerlikde görelde görkezýärler.