Milli Liderimiziň başlangyjy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. 2021-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri hem beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleri bilen bilelikde giň meýdanlarda gurnalan köpçülikleýin bag oturtmak ýowaryna uly ruhubelentlikde işjeň gatnaşdylar. Ählihalk ýowarynda ýörite taýýarlanan ýerlerde saýaly, pürli miweli agaçlaryň müňlerçe nahallary ekildi. Sanlyja ýyldan bu ýerler bagy-bossanlyga öwrülip, tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşup, ýaşaýşymyzyň ekologiýa taýdan arassa bolmagyna oňyn täsirini ýetirer.