“Türmenistanyň – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda türkmen topragynda Nowruz baýramy giňden bellenip geçilýär. Nowruz güni Merkezi Aziýadan başlap, Balkan hem-de Ýakyn gündogar ýurtlaryna çenli bolan aralykda ýaşaýan halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýän baýram hökmünde bellenip geçilýar.
   Türkmenistanda Nowruz baýramy belenilýän günleri TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri tarapyndan baýramçylyk çäreleri gurnaldy. Bu çäreler Türkmen halysynyň Milli muzeýinde we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa institutynda geçirildi. Çärelere TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri çykyş edip, bu baýramçylygyň medeni däpleri wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halklary ýene-de bir mertebe ýakynlaşdyrýandygyny belläp geçdiler. Çärelerde türkmen halk aydymdyr- sazlary ýerine ýetirilmegi we talyp döredijilik toparlarynyň çykyş etmegi baýramçylyga üýtgeşik öwüşgin berdi.