Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminde hem aýal-gyzlary bu ajaýyp baýramçylyk bilen dabaraly gutlap, olara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri bolsa öz gezeginde, welaýatyň çäginde ýaşaýan Beýik Watançylyk Urşunyň weterany Ýelena Sidorenkony bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlamak üçin onuň öýünde myhmançylykda bolup, oňa Jemgyýetiň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Ýelena Sidorenko Jemgyýetiň işgärlerini çaý başyna çagyryp, öz durmuş tejribesini gürrüň berdi. Ýelena Sidorenko ýurduň gülläp ösmegi, adamlaryň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen ýadawsyz aladalary üçin Arkadag Prezidentimize öz minnetdarlygyny bildirdi.