Habarlar

    Ata Watanymyzda enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda asylly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynda Halkara zenanlar güni mynasybetli gurnalýan çärelere, toý-baýramlara giň orun berildi.
   TGÝMJ-nyň Daşoguz welaýat bölüminiň gurnamagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli mährem eneleriň meýlentinçi ýaşlar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş eden mährem ene Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde beýan edişi ýaly, eneleriň dünýä berýän beýiklikdigi barada bellemek bilen, dünýä inen çaganyň geljekki ykbalynyň, saýlap aljak hünäriniň, ygrarynyň hem yhlasynyň köp babatda enäniň terbiýesine, görüm-göreldesine bagly bolýandygyny ündedi.
   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda mährem enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň mertebesi belent tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar, bu parasatly däbi mynasyp dowam etmek, ony nesillere geçirmek biziň borjumyzdyr.

Awgust 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 31 1 2 3 4
5979224
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
665
876
37526
79102
5979224

Siziň IP: 44.200.30.73
2022-08-18