Habarlar

  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda buýrugynyň esasynda ýurdumyzda zananlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşurylýar. Türkmenistanda, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli gyz-gelinlerine, ak saçly ene-mamalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň berilmegi biziň ata Watanymyzda zenan maşgala uly hormat goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr.
   Ynha bu gün, hemme ýerde bolşy ýaly Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde hem baýramçylyk çäresi gurnaldy. Çärede, TGÝMJ-niň ýolbaşçylary, jemgyýetde zähmet çekýän zenanlary ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlap, Arkadag Prezidentimiziň adyndan pul sowgadyny, şeýle-de beýleki gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdylar. Toý lybaslaryna beslenen jemgyýetimiziň zähmetkeş zenanlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyza öz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

 

Dekabr 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
5401804
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1
3133
1
90109
5401804

Siziň IP: 3.92.28.52
2021-12-01