Habarlar

      Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň gurnamagynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplarynyň we meýletinçileriniň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede 2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren tabşyryklaryny we öňde goýan aýdyň maksatlaryny ýaşlara giňden düşündirmek bilen bagly birnäçe täsirli çykyşlar diňlenildi. Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti Gahryman Arkadagymyzyň berýän her bir tabşyryklaryny, ýurdumyzda amala aşyrylýan Maksatnamalaýyn meýilnamalary giň halk köpçüligine şol sanda, ýaşlaryň arasynda düşündirmekde netijeli işleri alyp barýar. Bu çärede Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysynyň şular dogrusynda hem-de ata Watan, ene toprak, sagdyn durmuş, bagtyýar geljek barada manyly çykyşy, beren öwüt-ündewleri ýaşlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

4541925
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1139
3000
55036
159984
4541925

Siziň IP: 34.204.201.220
2021-04-18