Habarlar

      TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölümi tarapyndan Türkmenabat şäheriniň 26-njy mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Ýanyklarda ilkinji kömek” atly okuw çäresi geçirildi.
       Geljekde, dürli pudaklarda zähmet çekjek ýaşlarymyz, mümkin boldugyça lukmandan deslapky ilkinji kömegiň endiklerini bilmelidirler. Ýaşlaryň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmagy we bu babatda olaryň bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri ýaşlar üçin dürli okuw çärelerini geçirýärler. Bu çäreleriň dowamynda ýokary synp okuwçylary üçin lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri boýunça bilimler berilýär, mowzuklar boýunça wideoşekiller we prezentasiýalar görkezilýär. Okuwçylar bolsa öz gezeginde, okuwlara uly gyzyklanma bilen gatnaşyp, sorag –jogap alyşýarlar. Biziň geçiren çärämiziň netijesi has taýýarlykly we bilimli ýaşlar boldy.

4541826
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1040
3000
54937
159984
4541826

Siziň IP: 34.204.201.220
2021-04-18