Habarlar

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda jemgyýetçilik we ýurt durmuşynyň ähli ugurlarynda netijeli işler amala aşyrylýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, 2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda Daşoguz welaýatynyň “Garaşsyzlyk” sport toplumynda Daşoguz şäheriniň 15-24-28-nji orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dolandyrmak” boýunça bäsleşik geçirildi. Okuwçylar betbagtçylyklara tiz we çalt seslenmek (gaçybatalga, çadyr gurmak, ýangyn söndüriji enjamlary doly we dogry ulanmaklyk) boýunça bäsleşdiler hem-de toparlar adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi we şikes alan adamlara nahili dogry kömek berilmelidigi barada görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Bäsleşgiň ýeňijilerine welaýat bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu bäsleşik okuwçylaryň adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäreleri taýýarlamakda we dolandyrmakda öz endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

 

 

4542058
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1272
3000
55169
159984
4542058

Siziň IP: 34.204.201.220
2021-04-18