GEÇIRILEN WAGTY: 2026-njy ýylyň 12-nji iýuny

GEÇIRILEN ÝERI: Beýik Serdar nesilleri çagalar sagaldyş merkezi

GATNAŞDYLAR: Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaj Milli jemgyýetiniň wekilleri, çagalar sagaldyş merkeziniň çagalary — jemi 40 adam.

 

Beýik Serdar nesilleri çagalar sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaj Milli jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan merkezde dynç alýan çagalar bilen raýat goranyşa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda — döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesillere adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmak we olardan goranmak boýunça gymmatly we düşündirişli çykyş etdiler.

Çykyşyň dowamynda raýat goranyşy we onuň ähmiýeti, wezipeleri; tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri; ýer titremelerinde özüni alyp barmagyň düzgünleri; binalardan çykarmak; güýçli ýelde, tozanly harasatlarda, güýçli ýagyşyň ýagmagynda etmeli hereketleriň tertibi bilen tanşdyryldy.

Şeýle-de adamyň sowuk salalygy hem-de elektrik enjamlarynyň näsazlygy sebäpli ýangynlaryň döräp biljekdigini duýduryp, ýangynlaryň öňüni almak, olary söndürmek, ot söndüriji serişdeleri ulanmagyň düzgünleri we ýangynyň dörän ýagdaýynda wagtynda habar berilmegi barada çykyş etdiler. Çagalara Mör-möjekleriň, ýylan-içýanlarynyň çakmasynda ilkinji kömegi bermegiň usullary boýunça hem bellenip geçildi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaj Milli jemgyýeti barada, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, adatdan daşary ýagdaýlar barada belläp geçdiler. Soňra çagalar bilen sorag-jogap alyşdylar.