Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsümi hem başlaýar. Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Il saglygy ýurduň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini baş maksatlaryň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle, uly atalyk aladalara jogap edip biz hem, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri we meýletinçileri Gökderede ýerleşýän “Ýyldyzjyk” çagalar sagldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “saglygym- baş baýlygym” ady bilen saglygy berkitmek, sagdyn iýmitlenmek, ertirki maşklary ýerine ýetirmek sport bilen meşgullanmak adam saglygyny berkitmek üçin gerekli maglumatlary bermek ugrunda dürli çäreler geçirildi. Çärä gatnaşan çagalarda ir säher bilen geçirilen bu çäreler ruhyny galkyndyryp, çärede meýletinçiler hem öz başarjaňlygyny görkezip çära gatnaşan çagalarda has-da ruhybelentlik duýgusyny oýardylar.



