Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Çärjew, Dänew, Darganata we Farap etraplardaky wekiler tarapyndan Dänew, Çärjew we Darganata etrap, Seýdi şäher, Garaşsyzlyk şäherçe, Lebap Psihiatriýa hassahanalarynda lukmanlar bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda ýerli wekil we Saglygy Goraýyş işgärleri inçekesele garşy köpçülikleýin göreş çäreleri barada gürrüň edip, şol çäreleriň ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, jemgyýeti bu keselden azat etmek birleşen tagalalaryň miwesidir. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda inçekeseliň döremegine we ýaýramagyna garşy köp işleriň edilendigini aýratynlygyny nygtadylar.
Duşuşyklaryň dowamynda jemgyýetiň ýerli wekili tarapyndan inçekesele garşy göreş gollanmalary paýlanyp berildi. Taraplar möhüm mesele babatynda geljekde hem bilelikde işlemegiň meýilnamalary barada pikir alyşdylar.

