Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat şahamçasy guramanyň bir asyrlyk ýubileýine bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi. Işgärleri, meýletinçileri we hyzmatdaşlary bir ýere jemlän baýramçylyk duşuşygy welaýatyň Merkezi kitaphanasynyň binasynda boldy. Ýüz ýyl — bu diňe bir taryhy senene däl, eýsem ynsanperwerlikden, ak ýürekli kömekden we rehimlilik ideallaryna wepalylykdan doly uly bir ýoldur. Bu çäre köp ýyllaryň dowamynda Jemgyýet bilen bile adämläp, onuň maksatlaryny we gymmatlyklaryny paýlaşýan adamlara minnetdarlyk bildirmek üçin ajaýyp pursat boldy. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Balkan welaýat şahamçasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän edara-kärhanalaryň, ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Myhmanlar öz çykyşlarynda ynsanperwerlik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ilaty durmuş taýdan goldamakda we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň ähmiýetini aýratyn bellediler. Agzybirligiň hem-de özara hyzmatdaşlygyň asylly işlerde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Görkezilen wideoşekiller dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy: uly ekranlarda arhiw suratlary janlandyryldy. Myhmanlar guramanyň kemala geliş taryhyny, ilkinji meýletinçileriň ýüzlerini we şahamçanyň dürli onýyllyklardaky işleriniň möhüm pursatlaryny görkezýän seýrek duş gelýän suratlar bilen tanyşdylar. Bu kadrlar Türkmenistanda Gyzyl Ýarymaý hereketiniň öz ýörelgelerine wepaly galyp, nähili ösendiginiň janly güwäsi boldy. Kitaphananyň eýwanynda ýörite mowzuklaýyn sergi guraldy. Sergide şu aşakdakylar ýerleşdirildi: Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada maglumat diwarçalary; Görkezme esbaplary; Sebitiň meýletinçilik hereketiniň gazananlaryny görkezýän fotosuratlar; Çäräniň myhmanlary üçin taýýarlanan Gyzyl Ýarymaý nyşanly süýjülikler. Baýramçylygyň iň dabaraly pursaty sowgatlary we ýadygärlik nyşanlaryny gowşuryş dabarasy boldy. TGÝMJ iň işjeň hyzmatdaşlarynyň we işgärleriniň goşan goşandyny belläp geçmek bilen, guramanyň her bir üstünliginiň aňrysynda ak göwünli ynsanlaryň durandygyny nygtady.
"Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ýüz ýyllygy — bu kömek elini uzatmaga taýýar bolan her bir ynsanyň baýramydyr. Biz öz taryhymyza buýsanýarys we Balkan welaýatyndaky ynsanperwerlik wezipämizi dowam etdirip, geljege ynam bilen garaýarys" diýip, guramaçylar bellediler. Dabaranyň ahyrynda jemgyýetiň abadançylygy we saglygy ugrunda täze asylly işlere taýýarlygyň nyşany hökmünde ýadygärlik surata düşüldi.



