Gökderdäki "Altyn ýyldyz" çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan okuw geçirildi. Oňa 60-dan gowrak çaga gatnaşdy.
Onda tebigy hadysalar, tehnogen ýagdaýlar bilen baglanyşykly betbagtçylyklar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada giňişleýin düşündiriş berildi. Olara ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömek bermeginiň endiklerini we ruhy goldawy barada aýdyp berildi. Dynç alýan çagalaryň arasynda adaty däl ýagdaýlara baha bermek ukyplaryny, gan akmany duruzmak, ýarany daňmak ýaly endiklerini tejrebede geçirmek has-da gyzykly boldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleriniň pikiriçe, adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek diňe bir nazary bilimi däl, eýsem yzygiderli tejribäni hem talap edýär. Adaty bolmadyk ýagdaýa düşeniňde, özüňi howsala aldyrmazlyk, ejir çekenlere kömek etmek we belki, biriniň janyny halas etmek üçin başlangyç okuwy geçmekligininiň wajyplygyny aýdylar.