Habarlar

2025-nji ýylyň 14-nji – 17-nji apreli aralygynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Koýten obasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) ýyllyk iş meýilnamasynyň çäginde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy güýçlendirmek maksady bilen uly çäre geçirildi.

Okuw çäresi gatnaşyjylara ýokary hünär derejesini, sazlaşyklylygy we netijeliligi görkezmäge mümkinçilik berýän betbagtçylyklara garşy göreş toparlarynyň esasy meselelerine gönükdirildi. Bu çärä Aşgabat şäherinden     TGÝMJ-iň merkezi edarasynyň işgärleri, şeýle hem Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu topara adamlary halas etmek we betbagtçylyklar wagtynda kömek bermek boýunça tälim alan meýletinçiler hem goşuldylar. Okuw türgenleşikleriň dowamynda ejir çeken raýatlara kömek bermek barada amaly çärelere aýratyn üns berildi. Şeýle hem, her gün irden çärä gatnaşýanlaryň hemmesi bilen bedenterbiýe maşklary işjeň geçirildi. Gatnaşyjylar tarapyndan merkeziň dolandyryş işi gyssagly  gurnalyp, ejir çekenleri gözlemek we ewakuasiýa etmek üçin topar döredildi, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek we psihologiki goldaw bermek üçin çadyrlar guruldy. Göçürilenlere azyk we wagtlaýyn ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek ulgamy hem döredildi.

Bu çäre, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmakda bar bolan wajyp meýilnamalarynyň netijeliligini tassyklamakda we TGÝMJ-iň dürli bölümleri bilen meýletin toparlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary güýçlendirmekde möhüm ädim boldy. Koýten şäherinde geçirilen okuw          TGÝMJ-iň Türkmenistanyň ilatynyň janyny, saglygyny we ukyplaryny goramak meselelerine ygrarlydygyny açyk görkezdi. 

 

 

18064678
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6866
13356
300352
446852
18064678

Siziň IP: 18.97.14.80
2025-05-20