Sagdyn durmuş ýörelgesiniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz “Ähli zadyň sakasy-saglyk” diýen öwüt-nesihatyň many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda adamyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň özenini düzýän möhüm meseleleriň birine öwrüldi.Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýorelgesine eýerip, bagtly durmyşyň hözirini görýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümininiň Ak bugdaý etrabynyň hünärmeni hem, sagdyn durmyş ýorelgesine eýerip wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirip durýar. Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky 6-njy tehniki-hünär orta okuw mekdebiniň talyplary bilen “Saglyk, sagdynlyk-bagtyýar durmuş” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Akyldar şahyrymyzyň “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, Agşam ýatyp, ertir şükrüň kyl ýagşy” diýip belleýşi ýaly, il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän milli Liderimiz tarapyndan türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, saglygyny dikeltmegi, oňat dynç almagy üçin birnäçe mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär.Ynsan saglygyny goramakda uly tagallalary edýän milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary rowaç alsyn! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsyn!