Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen,täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar.Ol raýatlaryň goraglylygyny üpjün edýär.

       Mary welaýat Raýat Goranyşy we Halas Ediş Işleri müdürliginiň Tagtabazar etrap halas ediş toparynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tagtabazar etrabynda ýerleşýän 20-nji orta mekdebiň  okuwcylarynyň arasynda  “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmaklygyň” düzgünleri we ynsanperwerlik hukugy barada düşünje we wagyz-nesihat işleri geçirildi.   

    Soňra okuwmyzyň  dowamynda  Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp baryş kadalary,ýangyn dörän halatynda onuň öňüni almak,taýýarlyk görmek we nähili hereket etmek barada gürrüň berildi.

 Gyzyl Ýarymaý Milli jemguýeti ilatyň saglygyny goramak,ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik,duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler geçirýär.

 

 

 

 

18062610
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4798
13356
298284
446852
18062610

Siziň IP: 18.97.14.80
2025-05-20