Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.  Il saglygy ýurduň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini baş maksatlaryň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle, uly atalyk aladalara jogap edip biz hem, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili, şahamçanyň meýletinçileri bilen bilelikde  Türkmenbaşy etrabynyň 1-2-6-njy çagalar baglarynda, 1-2-3-18-nji orta mekdeplerde okuwçylaryň arasynda “Sport - saglygyň girewidir” ady bilen saglygy berkitmek, sagdyn iýmitlenmek, ertirki maşklary ýerine ýetirmek sport bilen meşgullanmak adam saglygyny berkitmek üçin gerekli maglumatlary bermek  ugrunda dürli sport çärelerini  geçirdiler. Ir säher bilen geçirilen bu çäreler  çagalaryň  ruhyny galkyndyrdy.

 

 

 

 

 

 

18063046
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5234
13356
298720
446852
18063046

Siziň IP: 18.97.14.80
2025-05-20