Habarlar

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» diýen rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik bitaraplyk statusynyň ýurduň daşary syýasatynyň esasy hem-de halkara arenada parahatçylygy saklamak doktrinasynyň durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýandygyny nygtady. Ol Bitaraplygyň Türkmenistanyň Konstitusiýa kanunynda berkleşdirilendigini we parahatçylygy, dialogy we özara hormaty birinji orunda goýýan türkmen halkynyň taryhy däplerine esaslanýandygyny belläp geçdi. Halkara derejesinde hemişelik Bitaraplyk statusynyň berkleşdirilmegi Türkmenistanyň parahat ýaşamaga, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we hyzmatdaşlyk arkaly bütindünýä meselelerini çözmekde yhlasly gatnaşmaga bolan islegini artyrýär.

 

 

 

 

 

18063997
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6185
13356
299671
446852
18063997

Siziň IP: 18.97.14.80
2025-05-20