Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurduň iň irki ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biridir. Jemgyýet 1926-njy ýylyň 26-njy  martyndan bäri hereket edýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilenine  bu  gün  99 ýyl  dolýar. Onuň ilkinji döredileni  bäri uzakmöhletli işi bu gün beýik Galkynyşlar eýýamyna gadam basan ýurduň taryhy bilen jebis  baglanyşyklydyr.

1991-nji ýylda garaşsyz döwlet we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, Türkmenistan  halkara ynsanperwerlik hukugynyň esasyny düzýän Ženewa Konwensiýasynyň dördüsini we oňa Goşmaça teswirnamalary ratifisirledi. Şol ýylyň özünde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ynsanperwerlik,tarap çalmazlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeke-täklik,köptaraplyk esasy ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň içinde öz işini alyp barýan özbaşdak ýeke-täk jemgyýetçilik guramasy hökmünde ykrar edildi.

             Bularyň ählisi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Halkara Gyzyl Haç Komiteti tarapyndan resmi taýdan ukrar edilmegi üçin ilkibaşky kanuny şertleri döretdi, 1995-nji ýylda bolsa ol Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň doly hukukly, 164-nji agzasy boldy.

            Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň tutuş işi  Prezidenti Serdar  Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen sözi şygaryna öwrülen ýurt bilen bütewiligiň aýdyň şöhlelenmesi bolup, ol öz işini ynsanperwerlik, akýüreklilik, rehim-şepagatlylyk ýaly ýörelgeler esasynda guraýar. Bu ýörelgeler bolsa türkmen halkynyň açyklyk, parahatsöýüjilik, sabyrlylyk ýaly milli sypatlary we täze Galkynyş eýýamynyň ideýalaryna, biziň jemgyýetimiziň ähli sferalarynda amala aşyrylýan özgertmelere wepalylyk meýilleri bilen sazlaşýar. Ynsanperwerlik wezipesini berjaý etmek bilen, biziň Milli jemgyýetimiz  türkmen döwletiniň syýasatynyň esasyny düzýän, aýdyň döredijilikli ugry bilen tapawutlanýan sosial-ykdysady reformalaryň ählisine doly gatnaşýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilen  gününden  bäri möhüm seneleri.

 

1926

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegi

1927

Lukmançylyk-barlaýyş we bejeriş toparlarynyň döredilmegi.Oba  ilatynyň sagaldylyşy

1941

Urşuň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti öz işini söweşde we tylda ýaralylara we kesellere seretmek boýunça saglygy goraýyş edaralaryna kömek bermäge gönükdirdi

1948

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti 6-njy oktýabrdan 7-sine geçilýän gije Aşgabatda Rihteriň şkalasy boýunça 7,3 sarsgyna barabar elhenç ýer titremesiniň heläkçiliklerini ýok etmeklige işjeň gatnaşdy

 

1992

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 23-nji martyndaky 658-nji Karary bilen Jemgyýet Türkmenistanyň çäklerinde Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgelerine laýyklykda öz işini alyp barýan ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik guramasy hökmünde ykrar edildi

1992, Aprel   

Türkmenistanyň hökümeti 1949-njy ýylyň Ženewa Konwensiýalaryny we olara 1977-nji ýyldaky Goşmaça Teswirnamalary ratifisirledi

 

1995, Noýabr

TGÝMJ GH we GÝ Halkara  Federasiýasynyň 164-nji doly hukukly agzalygyna girdi

 

 

 

2001, Maý “Gyzyl ýarymaýyň we gyzyl haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Türkmenistanyň  Kanuny kabul edildi

2012,  Dekabr “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi

 

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň düzümi tutuş ýurdy gurşap alýar we öz hereketinde işine işjeň gatnaşýan 240 000 agzalaryň we meýletinçileriň  3000 müňden gowragyny jemleýär.

 

 

 

 

 

 

18063029
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5217
13356
298703
446852
18063029

Siziň IP: 18.97.14.80
2025-05-20