Habarlar

2025-nji ýylyň  mart aỳynyñ 18-ne Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniñ Balkan welaýat bölümi we Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçiligi  bölümi bilen bilelikde ýokary synp okuwçylarynyñ,  mugallymlarynyñ we „Ýaş ýol gözegçilik toparynyň“ agzalarynyň gatnaşmagynda „lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek“  boýunça okuw çäresi geçirildi. Gatnaşyjylara  ilki bilen durmuşda has köp duş gelýän dem alyş ýollarynyň tutulmagy, huşundan gideni dikeldiş ýagdaýyna getirilmegi we ýürege göni däl basmalary gökezildi.  Ýaşlar görkezmeleriň dowamynda işjeñ gatnaşyp, sorag-jogap alyşyp  gazanan bilimlerini pugtalandyrdylar. Çäräniň soňunda şular ýaly duşuşyklary geçirmäge we bilimleri artdyryp, ýaş nesillerimiziň aň-düşünjelerini giňeltmek  babatynda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyklaryny bildirdiler.

 

 

 

 

 

 

 

 

Aprel 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
17694737
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10994
12943
377263
479058
17694737

Siziň IP: 18.97.14.84
2025-04-25