Habarlar

           2016 –njy ýylyň  maý aýynyň 1-ne Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” seýilgähinde  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Kärdeşler  arkalaşygy  Milli merkeziniň, Türkmeniştanyň Gyzyl Ýarymay Milli  jemgyýetiniň,  Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň bilelikde  temmäkä garşy göreşmegiň biraýlygyna bagyşlanan  çäre  geçirildi.  Bu çärede, TGÝMJ –niň meýletinçileriniň  gurnan  Sagdyn durmuş  endikleri hakynda sorag-jogap wiktorinasy seýilgähe gelen adamlarda uly  gyzyklanma döretdi . Dynç  almaga gelen  raýatlaryň arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hakynda wagyz –nesihat işleri alynyp baryldy we dogry jogap beren uly ýaşly adamlara we çagalara höweslendiriji sowgatlar berildi. Meýletinçileriň gurnan sahnalaryna tomaşa  edildi. Aşgabat şäheriniň   76-njy mekdebiniň 3-A synp okuwçysy Ibrahim Abajiniň ýerine ýetirmeginde “Sport” diýen aýdymy dynç  alamaga gelen raýataryň  we  çagalaryň arasynda uly  şowhunly el çarpmalar bilen garşy alyndy.    

                                                                

 

  

 

 

 

Awgust 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 31 1 2 3 4
5979172
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
613
876
37474
79102
5979172

Siziň IP: 44.200.30.73
2022-08-18