BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

Habarlar

2022-nji ýylyň  30-njy dekabrynda TGÝMJ-niň meýletinçileri tarapyndan maşgala düzümi doly bolmadyk çagalara gyşky şowhunly täze ýyl baýramy gurnalyp, dabara    geçirildi. Dabara gatnaşan çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Aýazbaba we onuň agtyjagy Garpamygy, şowhunly ýagdaýda olaryň aralaryna gelmegi bilen çagalaryň ýüzünde şatlyk duýgylary peýda boldy. Çäre aýdym-sazly, goşgydyr degişmeler aýdylyp, tans edilip, çagalaryň we olaryň ýany bilen gelen ene-atalarynyň göwünleri şatlykdan doldy.  Dabaranyň dowamynda çagalara  Aýazbabanyň sowgady gowşuryldy. Ol sowgatlary jemgyýetiň hemaýatkäri  bolan “Kämil” söwdä merkezi üpjün etdi. Geçirilen çärede  “Cake time” merkeziň ýolbaşçysy tarapyndan her bir çaga süýjilik gutysy sowgat berildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň kömek alyjy toparyň sanawunda duran raýatlaryň göwün duýgylary kanagatlandyrylyp, olaryň göwün joşgunyndan aýdylan minnetdarlygy bizi begendirdi. Täze ýetip gelen 2023-nji ýyl hemmeler üçin saglykly, rysgally, düşümli ýyl bolsun!

 

 

6938692
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1890
24877
567160
131460
6938692

Siziň IP: 44.201.94.236
2023-03-30