BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň  Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda “Taryhy we ülkäni öwreniş” muzeýinde Baky Bitaraplygymyzyň 27-ýyllyk şanly senesi mynasybetli dekabr aýynyň 06-na  “Taryhy we ülkäni öwreniş” muzeýiniň işgärleriniň we Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk röwşen geljegimiziň baky binýady” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Parahat söýüji dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem tutuş dünýäde özüniň at-abraýyny, syýasy ornuny has-da berkitdi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty özara düşünişmek, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer ýörelgelere gönükdirilendir. Asuda we erkana durmuş halkymyzyň, ata-babalarymyzyň asyrlap arzuw eden arzyly gymmatlygydyr. Şeýle gymmatlygy agzybirlikde, jebislikde, ajaýyp döwürde halkara derejesinde toý-baýram etmek bolsa, her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak uly bagtdyr diýip çykyş edenler  Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň dabaraly bellenilýän 27 ýyllyk  baýramynyň tutuş dünýä üçin wajyp ähmiýetini nygtadylar.

 

 

 

 

 

12137455
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2497
17065
502734
919301
12137455

Siziň IP: 18.206.13.203
2023-11-30