Habarlar

2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-14-i aralygynda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe” atly halkara sergisine gatnaşmak biziň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetimiziň hem paýyna düşdi. Sergide Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetimiziň edýän işleri görkezildi. Ýagny, edaramyz saglygy goraýyş bölüminiň işgärleri adatdan daşary ýagdaýlarda raýata nähili ilkinji lukmana çenli  kömegiň berilýändigini emeli adamyň üsti bilen suratlandyryp görkezdiler. Mundan başga-da, mawy ekranda Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetimiziň edýän işleri wideo rolikleriň üsti bilen görkezildi. Sergä gelen myhmanlar, žurnalistler, talyplar edaramyzyň işgärleriniň edýän işleri bilen gyzyklandylar we olaryň içinden örän köp meýletinçiler hem goşulmaga isleg bildirdiler. Sergä gatnaşan myhmanlara Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetimiz tarapyndan paýlanylýan çap ediş serişdeleri gowşuryldy.

 

Fewral 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 1 2 3 4 5
6241791
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
831
888
1719
52254
6241791

Siziň IP: 3.235.195.196
2023-02-02