Habarlar

Ýol hereketiniň kadalary Türkmenistanyň çäginde ähli raýatlar üçin deňdir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, polisiýa bölüminiň, ýerli häkimligiň wekilleri bilen bilelikde Medeniýet bölüminiň mejlisler zalynda halk köpçüliginiň arasynda, mekdeplerde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy -ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çareleri geçirildi. Wagyz-nesihat çäreleriň dowamynda çykyş edenler: Ýol hereketine gatnaşyjylar kadalaryň – ýolyşyklaryň duýdurmalarynyň, ýol belgileriniň özlerine degişli talaplaryny bilmäge, berjaý etmäge borçludyklaryny, ýol belgileriniň gündelik durmuşymyzda uly ähmiýeti bolup, hereketi sazlamakda, ulaglaryň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde köçäniň düzgünini saklamak üçin örän zerurdygyny, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir diýip bellap geçdiler.

 

 

 

 

Fewral 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 1 2 3 4 5
6241779
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
819
888
1707
52254
6241779

Siziň IP: 3.235.195.196
2023-02-02