Türkmenistanyň ähli çaklerinde ilatyň arasynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy-ömrümiziň rahatlygy” şygarynyň 1 aýlygy mynasybetli wagyz-nesihat çärelerini geçirmeklik dowam edýär
Bu hepde TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölümi, PÝGG wekilleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Çäreler, Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerindäki ýokary synp okuwçylaryň arasynda geçirildi. Geçirilen çärede köçe ýol hereketleriniň düzgünleri we onuň bilen baglanşykly meseleleri barada gürrüň edildi. Bu çäräniň dowamynda okuwçylara ýol hereketiniň düzgünlerini olary nähili we näme üçin berjaý etmeli, köçede özüňi nädip goramalydygy barada wagyz-nesihat edildi. Okuwçylar biziň wekillerimizi ünsli diňläp,öz gyzyklanan soraglaryny berdiler.Çärä gatnaşyjylaryň hemmesi geçirilen duşuşykdan hoşal boldular we minnetdarlygyny bildirdiler.