Habarlar

Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň PÝGG-niň, Lebap welaýat teleýaýlym gullugynyň we TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleriniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň iň uly köçeleriniň biri bolan Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda birnäçe sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirildi. Polisiýanyň ýol gözegçilik gulugynyň işgärleriniň kömegi bilen awtoulaglar ýol kenaryna çekilip, sürüjilere ýollarda sazlaşykly hereket edip, ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmekligi wagyz etmek bilen biziň ildeşlerimiziň ajaýyp zamanasyna asuda ýaşamaklygy üçin şeýle çäreleriň ähmiýetiniň ulydygyna ünsüni çekýäris.

TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan geçirilen çäreleriň dowamynda sürüjiler bilen bir hatarda ýolagçy raýatlara hem ýol hadysalarydan ägä bolmak, lukmandan deslapky ilkinji kömegini bermekligiň kadalaryny ündeýän degişli neşir önümleri paýlanylyp berildi. Şeýle çäreler Lebap welaýatyň etraplarynda, obalaryň çäklerinde hem giňden geçirilýär.

 

 

 

Fewral 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 1 2 3 4 5
6241774
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
814
888
1702
52254
6241774

Siziň IP: 3.235.195.196
2023-02-02