TGÝMJ-niň “Gaýrat” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Türkmenabat şäherindäki ýalňyz gartaşan we maýyp raýatlara durmuş taýdan hyzmat ediş merkezine bardylar. “Gaýrat” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri tarapyndan ýalňyz gartaşan raýatlara durmuşy we usulyýet kömegini bermek maksady bilen aksiýa geçirildi. Merkeziň ýaşaýjylary kiçi öý we beýleki ownuk işlerinde meýletinçilerden kömek soradylar, olar hem uly höwes bilen oňa razylaşdylar. Şeýle hem “Gaýrat” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri merkeziň ýolbaşçylaryna Türkmenabat şäheriniň ýaşulularyny we hossarsyz adamlary hepdede bir gün görmäge gelmegi, gerekli bolan kömegi bermegi teklip etdiler.