26.07.2022: TGÝMJ-niň işgärleri ýaş meýletinçileri bilen bilelikde däp bolan ýörelgä eýerip, “Demirýolçy” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde “Bagtyýar çagalyk” atly çäresini geçirdiler. Çäräniň dowamynda çagalar kitaby labyzly okamak, ertekileri gürrüň bermek ýaly dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäşleşik tamamlanandan soň, çagalaryň arasynda ilkinji kömegiň berlişi hakynda gürrüňdeşlik geçirildi. Çärän soňunda ähli çagalara höweslendiriji sowgatlar berildi.