Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli  jemgyýeti Türkmenistanyň  Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ýaş halas ediji” atly bäsleşik geçirdi.

Çagalar bäsleşigiň şertleri boýunça şahsy gorag serişdelerini geýmek, ilkinji lukmana çenli kömegi iş ýüzünde görkezmek, ýüz metr  aralyga  estafeta ylgamak boýunça  bäsleşdiler. Sagdyn we berk bedenli, ýokary düzgün  nyzamly, maksada okgunly, Watan söýüji ýaş nesilleriň kemala  gelmegi  dogrusynda anyk mysallar arkaly gyzykly söhbetler edildi. Bu çäre olaryň zähmetsöýer, il halar, Watana wepaly adamlar bolup  ýetişmeklerine badalgadyr.

 

 


 

6031896
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
828
1597
32617
57581
6031896

Siziň IP: 44.201.97.26
2022-09-25