Habarlar

Watanymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda hem Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen “Bagtyýar nesil” atly çagalar üçin döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezi ýylyň ähli paslynda çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerde ýaş nesliň dynç almak bilen bir hatarda dürli gurnaklara gatnamaklary, sport bilen meşgullanmaklary we wagtlaryny manyly we täsirli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.                                                 

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi, welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dolandyrmak” boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalar betbagtçylyklara tiz we çalt seselenmek (gaçbatalga, ýangyn söndüriji enjamlary doly we dogry ulanmaklyk) boýunça bäsleşdiler hem-de adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi barada görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Bu bäsleşik çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäreleri taýýarlamakda öz endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

 

6032102
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1034
1597
32823
57581
6032102

Siziň IP: 44.201.97.26
2022-09-25