Habarlar

    Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň Wekilleri hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy.
    “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda neşir edilen bu eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
      Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr.
    Milli Liderimiz täze filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, ýaradylyşyň kanuny, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýär.
    Kitap “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybaratdyr. Türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, geljegi diňe geçmişe daýanyp gurmalydyr. Many-mazmuny boýunça örän gymmatly bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň peşgeş goýan mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barylýan ylmy-edebi işler öz beýanyny tapýar.
     Biziň halkymyzyň buýsanmaga zady köpdür. Şuny nygtamak bilen, milli Liderimiz jemleýji sözünde okyjylar bilen paýlaşmak islän köp sanly parasatly öwüt-ündewlerini we taglymlaryny    “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynda beýan etjekdigini belleýär.
    Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen nobatdaky taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder. Tanyşdyrylyş dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Awgust 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 31 1 2 3 4
5979263
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
704
876
37565
79102
5979263

Siziň IP: 44.200.30.73
2022-08-18