BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

Habarlar

     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ynsaperwerlik kömegini etmekde, umumadamzat we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini we keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri wagyz etmekde, ýaşlaryň arasynda meýletinçileriň gatnaşmagynda adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri hakynda bilimleri ýaýratmakda, daşky gurşawy goramak işlerini geçirmekde uly işler alyp barýar. Ýaňy-ýakynda hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň merkezi edarasynda Adatdan daşary ýagdaýy dolandyrmak toparynyň howsala (trewoga) türgenleşik çäresi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar toparynyň düzümi, Baş raýat goranyş we halas ediş müdirligi, Ýangyn howpsyzlygyň işgärleri, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň meýletinçi talyplary gatnaşdylar.
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Adatdan daşary ýagdaýyny dolandyrmak toparynyň howsala (trewoga) türgenleşik çäresiniň Gün tertibi şulardan: Bellenen tertipde toparlara bölünmek we bolup geçen hadysa bilen topary tanyşdyrmak; Adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çekenlere kömek bermek we ilkinji kömek çadyryny gurmak; Ýangyn söndürjileriň çykyşyny görmek; Raýat goraýyş we Halas ediş işleri müdirliginiň işgärleriniň çykyşyny diňlemek; Türgenleşigi jemlemek we goýberilen ýalňyşlyklary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek işi talabalaýyk we wagtynda berildi. Ähli hereketler edil hadysa bolup geçen pursatynda ýaly alnyp baryldy.
     “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýlişi ýaly, bu çärä gatnaşan işgärler we meýletinçiler lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň kadalary boýunça maglumat beriş we tälim-türgenleşik okuwlarynyň, wagyz-nesihat işleriniň ýaşlar syýasatynda tutýan orny barada tejribe topladylar. Sagdyn jemgyýeti döretmekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil nesilleri terbiýelemekde şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi uly ýardam berýär. Ösüşleriň belentliklerine sary barýan ata watanymyzda şunuň ýaly okuw maslahatlaryň geçirilmegi, Adatdan daşary ýagdaýy dolandyrmak toparynyň howsala (trewoga) türgenleşik çäresiniň geçirilmegi meýletinçi talyplara tejribe toplamaga we ynsanperwerlik häsiýetleri has-da kämilleşdirmäge uly mümkinçilikler döredýär. Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek üçin gije-gündiz tagalla edýän, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň ýol açyp berýän mähriban Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt hem döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Sentyabr 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 1
10562537
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4553
22422
487529
574138
10562537

Siziň IP: 44.197.111.121
2023-09-24