Habarlar

   2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde Türkmenistanyň ussat diplomaty, hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Çynar Rüstemowa, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý komitetiniň wekili, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekili, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň meýletinçi talyplary gatnaşdylar.
   Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkymyza peşgeş beren täze eseriniň many-mazmuny, ylmy-terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Dabaranyň aýdym-sazly geçirilmegi gatnaşyjylaryň kalbyny has-da ruhlandyrdy.
   Hormatly Prezidentimiziň 2021 – 2022-nji ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň durmuşyndaky, şeýle-de halkara derejeli möhüm wakalar, taryhy seneler mynasybetli sözlän sözlerini, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerine beren interwýularyny özünde jemleýän «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň türkmen halkyna sowgat berilmegi giň okyjylar köpçüliginiň, esasanam diplomatlaryň kalbyny egsilmez buýsanja besledi. Dabaranyň aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy gatnaşyjylaryň kalbyny has-da ruhlandyrdy.
   Tanyşdyrylyş dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Iyun 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
5854909
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
402
1707
59980
57756
5854909

Siziň IP: 44.192.47.87
2022-06-28