BAŞ SAHYPA

    Şu gün Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Mertligiň, edermenligiň synmaz şöhrady” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
   Dabarada ýerine ýetirilen milli özboluşlylygy alamatlandyrýan halk we estrada, harby-watançylyk, medeni-syýasy aýdymlar dabara gatnaşyjylaryň watançylyk duýgularyny artdyryp, söweşjeň we ynsanperwer ruhlaryny belende göterdi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň serkerdelerine, harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Dabaraly çärämize TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri hem-de ýokary okuw jaýlaryndan gutlamak üçin mugallymlar gatnaşdylar.Ýokary okuw jaýlaryndan gelen mugallymlara sowgatlar gowşuruldy.
    Şanly sene mynasybetli geçirilen bu dabara ýurdumyzda Watan goragyna çäksiz sarpa we egsilmez hormat goýulýandygynyň, Watan goragçylarynyň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
    Dabara gatnaşanlar ýurdumyzda Watan sarpasyny we goragyny pugtalandyrýan, Watan goragçylaryna uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hormatly Belent Serkerdebaşysyna alkyşlar, iň ajaýyp arzuwlar etdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
5772332
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2712
1421
35159
62106
5772332

Siziň IP: 35.170.82.159
2022-05-19