BAŞ SAHYPA

    TGÝMJ-niň “Türkmenistanyň Aral deňizi sebitindäki mekdepleriň we ýerli bileleşikleriň derejesinde çäreleri geçirmek arkaly gowşak ýerlerde bilim, lukmançylyk, sanitar-arassaçylyk gurşawyny we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy berkitme” taslamasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri, meýletinçileri we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleri bilen bilelikde 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-21-ne welaýatyň orta mekdeplerinde suw üpjünçiligine, umumy arassaçylyga (WASH) baha berme işlerini geçirmek, welaýat bölüminiň işgärleriniň we meýletinçileriniň çaga terbiýesi, iýmitlenme, sagdyn durmuş ýörelgeleri, töwekgelçilikler hakynda habar berme hem-de ilat bilen hyzmatdaşlyk boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen iki günlik okuw çäresine gatnaşdylar. Okuw maslahatynda şeýle hem ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlary etmeklik barada gürrüňler edildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
5772295
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2675
1421
35122
62106
5772295

Siziň IP: 35.170.82.159
2022-05-19