BAŞ SAHYPA

    TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de TMÝG-nyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiň meýletinçi ýaşlarynyň arasynda “Meýletinçiler – biziň güýjümizdir” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda meýletinçileriň alyp barýan işi we olaryň jemgyýetdäki orny barada birnäçe täsirli çykyşlar edildi.
     Meýletinçilik işi bu – çözgütlere öz täsiriňi ýetirmek, maslahatlara gatnaşmak we çykyş etmek, köpçülikleýin çäreleri guramak, jogapkärçilikli we işjeň hereket etmek, täzeçil garaýyşlary oýlap tapmak, ynsanperwerlik kömegini bermek, tejribe alyşmak ýaly mümkinçilikleri meýletin ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilmegi, foto we wideo şekilleriň görkezilmegi, bu sorag bilen baglanyşykly sorag-jogaplaryň alşylmagy maslahatyň täsirliliginiň has-da artdyrdy. Maslahatyň ahyrynda meýletinçi ýaşlaryň birnäçesine TGÝMJ-niň welaýat bölümi tarapyndan gymmat bahaly höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    TGÝMJ-niň welaýat bölümi meýletinçiler bilen ýaşlaryň arasynda Arkadag Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň esasynda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek, durmuşa ornaşdyrmaga öz goşandyny goşmaklygy esasy wezipesi hökmünde kesgitleýär.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
6031881
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
813
1597
32602
57581
6031881

Siziň IP: 44.201.97.26
2022-09-25