BAŞ SAHYPA

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýagty hem tämiz synp otaglary bolan ençeme mekdepler çagalary garşy aldy. Şeýle mekdeplerimizde biri-birinden tejribeli, işlerine ökde mugallymlarymyz zähmet çekýär.
    Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasy bolup, mekdep mugallymlary hem öz hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirýärler. Bu maksada eýerip, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikdäki meýilnamasynyň esasynda ýurdumyzyň ähli künjeginde mekdep mugallymlary üçin lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri boýunça okuw çärelerini gurnady.
   2021-nji ýylyň 16-17-nji noýabrynda şeýle okuw çäresi Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň 11-nji mekdebinde hem geçirildi. Çärä gatnaşan mugallymlar iki günüň dowamynda durmuşda bolup biläýjek şikeslenmelerde tiz kömek gelýänçä dürli gaýryüzülmeleriň oňüni almaga gönükdirilen tälimleri aldylar.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
6153876
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
685
1562
8018
51062
6153876

Siziň IP: 44.201.99.222
2022-12-08