“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek , ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, şeýle hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň kadalaryny öwretmek ýaly işleriň esasy gözbaşy bolan wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň jogapkär işgärleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri Türkmenabat şäheriniň iň uly köçeleriniň biri bolan Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda birnäçe sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirdiler. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň kömegi bilen awtoulaglar ýol kenaryna çekilip, sürüjilere ýollarda sazlaşykly hereket edip, ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmäge we häzirki wagtda howada tozan bölejikleriniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly agyz-burun örtüklerini ulanmaklygy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy, şahsy arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmegi, güýz paslynyň howasyna görä geýinmekligi wagyz etmek bilen ajaýyp zamanamyzda asuda ýaşamaklygy üçin şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uludygyna ildeşlerimiziň ünsi çekildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň welaýat bölüminiň degişli hünärmenleriniň işjeň gatnaşmaklarynda geçirilen çäreleriň dowamynda sürüjiler bilen bir hatarda yolagçy raýatlara hem ýol hadysalaryndan ägä bolmak, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň garşysyna göreş alyp barmak, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň kadalaryny ündeýän degişli neşir önümleri paýlandy.