Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde üç sany ýaşlar merkezleri hereket edýär, ýagny Mary şäherinde ,,Hemaýat”, Baýramaly şäherinde ,,Sahabat”, Ýolöten şäherinde ,,Umyt” ýaşlar merkezleri. Bu ýaşlar merkezlerinde TGÝMJ-niň hünärmenleri tarapyndan ýaşlar üçin dürli çäreler we owrediji okuwlar gurnalýar. 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 4-ne Mary şäheriniň “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda ,,Sagdynlyk we Bagtyýarlyk” ady bilen çäre geçirildi. Bu çärä TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň meýletinçileri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Geçirilen çäre ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün, sagdyn durmuş ýörelgeleri, watançylyk mowzuklary boýunça gyzykly gürrüňdeşlik gurnaldy.