Ýaşlyk − adamyň ömüriň iň wajyp tapgyry. Ýaş adamyň güýç kuwwaty köp bolup, olaryň dünýäde hemme zady başarjagyna ynamy bar. Ýaşlar durmuşda gowy bilimli, berk maşgalaly bolmaga ymtylýarlar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminde ýaş meýletinçiler bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip beýän ähli ýeňillikleri, bilim ulgamy barada söhbetdeşlik gurnaldy.
   TGÝMJ-niň meýletinçileri hökmüde biziň meýletinçilerimiz lukmandan deslapky ilkinji kömek, psihologiýa kömegi, öňdebaryjylyk, köpçülik bilen işleşmek we başgalar ýaly dürli ugurlarda bilim we iş tejribesini alýarlar.