Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen Global Gaznasynyň Türkmenistandaky taslamasynyň çäginde amala aşyrýan “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasyny amala aşyrýar. Bu taslamanyň çäginde TGÝMJ-niň şepagat uýalary köp dermana durnukly we giň dermana durnukly inçekeselli näsaglara bejerginiň goldaýjy döwründe psihososial goldawyny berýärler we olaryň arasynda berjergi döwri, inçekesele garşy derman serişdeleri we olaryň kabul edilmeli tertibi, gapdallaýyn täsirleri barada maglumat beriji okuw çärelerini gurnaýarlar. Näsaglaryň öýlerinde olar bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýärler. Bu geçirilýän çäreler näsaglaryň bejergini doly tamamlamaklaryna ýardam bermäge gönükdirilendir. Taslamanyň hereket eden döwüründe ençeme näsaglaryň inçekeseliň dowamly bejergisini tamamlap, sagalyp gitmeginde Jemgyýetiň şepagat uýalarynyň hem uly goşandy bar. Dermana durnukly inçekeseliň bejergisi 2 ýyla çenli dowam edýär we bu iki ýylyň dowamynda näsag her gün derman serişdelerini içmeli. Näsagda inçekeselden başga keselleri bolsa, inçekeseliň bejergisi gapdallaýyn täsiri berip biler. Emma, bejerginiň üstünlikli geçen ýagdaýynda hem, näsagda uzak wagtlaýyn bejergiden ruhy ýadawlyk döredýär. Bu ýagdaýda gapdalyndan hemaýat bolmasa, hemme näsag bejergini soňuna çenli ýetirmeklige çydamlylygy ýetmeýär. Şol sanda, bejerginiň gidişine näsagyň maşgala ýagdaýynyň hem täsiri bar. Şeýlelikde, her bir näsagyň bejergini doly tamamlamagy – bu ýeňil bolmadyk mesele, onda dürli saglygy goraýyş, ruhy, durmuş faktorlaryny göz öňüne tutmaly. Goldaw bermekligiň usuly her bir näsag üçin aýratyn düzülýär. Iki ýyl mundan öň inçekesel bilen kesellän we bu gün doly sagalan Ý.Lýudmila şeýle gürrüň berýär: “Mende iki ýyl mundan öň öýken inçekeseli anyklanyldy. Bu kesel kesgitlemesini eşidip men ruhdan düşdüm, uzakly günler diňe ýatyp geçirýärdim. Derman serişdelerini içýärdim, emma olaryň täsir etjegine ynamym ýokdy. Bu gün men keselden saplanan adam. Bu gazanan üstünligime meni bejeren lukmanlaryň, TGÝMJ-niň şepagat uýasy Bahar Ataýewanyň uly goşandy bardyr. Lukmanlar bejergi döwründe bejergini, barlaglary wagtynda rejeli alyp bardylar. Bahar bolsa, meniň maslahatçym boldy, maňa ruhy goldaw berip, keseliň kynçylykly döwrüni ýeňip geçmekde ak göwünliligi, şadyýanlygy bilen uly goldaw berdi. Men TGÝMJ-niň ýolbaşçylaryna uly sag bolsunymy aýdasym gelýär, keselimiň bejergisiniň döwründe TGÝMJ-i maňa ruhy goldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem ýzygiderli süýt-gatyk we beýleki iýmit onümleri bilen goldaw berdi. Men keselimi ýeke özüm däl-de, lukmanlaryň, TGÝMJ-niň hemmetaraplaýyn goldawy bilen ýeňip geçdim. Köp sag boluň!”. Ý.Lýudmilanyň bu sözleri biziň alyp barýan ynsanperwerlikli işimiziň adamlaryň saglygyny dikeltmäge ýardam berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, biziň işimizi mundan beýläk hem ýokary derejede alyp barmaga höweslendirýär.